(Sargyt Ýatyryş we Yza Gaýtaryş Düzgünleri)
TMgross.com arkaly ýerine ýetirilýän ähli söwda amallary aşakdaky Ýatyryş, Yza Gaýtaryş we Alyjy Hukuklary bilen kadalaşdyrylýar. Bu düzgünler TMgross platformasynyň howpsuz, adalatly we durnukly işlemegini üpjün edýär.
Ulanyjy sargydy tamamlanandan soň ony aşakdaky ýagdaýlarda ýatyryp biler:
Sargyt iberilmezden öň islendik wagt ýatyrylyp bilner.
Pul geçirmesi edilen bolsa, müşderä dolulygyna yzyna geçirilýär.
Sargyt eltiliş ugratmasyna berlen bolsa, ýatyryş sargyt kuryerden gaýtarylanda amala aşyrylýar.
Eltiliş çykdajylary satyjynyň ýa-da kuryer hyzmatynyň düzgünlerine görä hasaplanýar.
Alyjy harydy alan gününden başlap 7 gün möhletde yza gaýtaryp bilýär.
Yza gaýtaryş diňe şu ýagdaýlarda kabul edilýär:
Haryt ulanylmadyk, bozulmadyk, täsir edilmedik bolsa
Haryt taglary we başlangyç bukjasy saklanyp galan bolsa
Haryt satyjynyň görkezmelerine laýyk ýagdaýda bolsa
Aşakdaky harytlar yza kabul edilmeýär:
Ulanylan kosmetika, parfyum, şahsy ideg önümleri
Açylyp ulanylan elektron enjamlary
Aňsat bozulýan azyk önümleri
Aýakgap, egin-eşik (ulanylan ýa-da etiketasy giden bolsa)
Satyjy tarapyndan ýörite sargyt boýunça taýýarlanan önümler
Müşderi TMgross müşderi hyzmatlaryna habar berýär
Gaýtaryş kody müşderä berilýär
Haryt asyl bukjasyna salnyp satyjynyň görkezilen salgysyna iberilýär
Satyjy harydy barlaýar
Tassyklanan ýagdaýynda müşderä pul yzyna geçirilýär
Pul yzyna geçirme şu kanallar arkaly amala aşyrylýar:
Türkiýe IBAN
Russiýa (SWIFT / SPB)
Kipr arkaly geçirme
Pul yzyna gaýtarylyşy 1–3 iş güni içinde ýerine ýetirilýär.
Eger müşderi kapyda nagt tölän bolsa:
Kuryeriň töleg resminamasy görkezilýär
Pul müşderiniň bank hasabyna geçiriler
Nagt ýagdaýda elden pul gaýtarylmaýar.
Alyjy harydy alan wagty:
Bozuk, döwük, üýtgeşik zat ýüze çyksa
Haryt reklamda görkezilen haryt bilen gabat gelmese
Haryt iberilende öňden şikesli bolsa
Müşderi 24 sagadyň içinde TMgross’a ýüz tutmaly.
Näzik we bozuk harytlarda:
Eltiliş çykdajylary satyjynyň boýnuna düşýär
Müşderä doly pul yzyna berilýär
Müşderä täze haryt ugratmak mümkinçiligi hödürlenýär
Satyjy:
Yza gaýtarylan harydy 48 sagat içinde barlamaly
Tassyklanan gaýtaryş üçin pul yzyna geçirmekden boýun gaçyrmaly däl
Harytlary dogry maglumat bilen ýerleşdirmeli
Ýalňyş, pes hilli ýa-da nädogry haryt goýmak gadagan
TMgross satyjylaryň düzgün bozmalaryna garşy berk çäre görýär.
TMgross şu ýagdaýlarda sargydy ýatyryp we pul yzyna berip biler:
Satyjy harydy hiç kimiň öňünden habarsyz goýmasa
Haryt stokda ýok bolsa
Ulgam ýa-da tehniki näsazlyk ýüze çyksa
Dolandyryjynyň çyn we adalat baradaky talapları ýerine ýetirilmese
TMGROSS müşderi hyzmatlary:
E-poçta: info@tmgross.com
Telefon: +990 5510141419 imo vhatsaap
Salgysy: Türkmenabat, Lebap welaýaty, Türkmenistan